“Golden Boy – 2024” baýragyna dalaşgärler belli boldy

  • 18.04.2024 16:00
  • 10k+

“Golden Boy” baýragyny gowşurýan Tuttosport neşiri 100 dalaşgärden ybarat sanawy hödürledi. Sanawda birinji orny “Barselonanyň” oýunçysy Lamin Ýamal eýeledi.

Ikinji orunda “Benfikanyň” ýarym goragçysy Žoau Neweş ýerleşdi. Ilkinji üçlügi “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Alehandro Garnaço jemledi. Şeýle-de, dalaşgärleriň ilkinji bäşligine “PSŽ-den” Warren Zair-Emri we “Lillden” Leni Ýoro girdi.
Bu baýrak 2003-nji ýyldan bäri berilýär. Ol her ýyl Ýewropa çempionatlarynyň biriniň ýokary diwizionynda çykyş edýän 21 ýaşdan kiçi futbolçylara gowşurylýar.
2023-nji ýylda baýraga Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem mynasyp boldy. Dürli ýyllarda “Golden Boy” baýragyny Lionel Messi, Serhio Aguero, Rahim Sterling, Ueýn Runi, Sesk Fabregas, Isko, Mario Balotelli, Mario Getse, Pol Pogba, Kilian Mbappe, Erling Holand aldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......