Warner Bros. bary-ýogy 15 hepdäniň içinde dünýäde 1 milliard dollar girdeji gazandy

  • 16.04.2024 19:49
  • 10k+

Warner Bros. studiýasy 2024-nji ýylda halkara kassa ýygymlarynda milliard dollarlyk bellikden geçen birinji film kompaniýasy boldy. Bu netije bary-ýogy 15 hepdäniň içinde gazanyldy, bu rekord görkeziji diýip, Deadline ýazýar.

Studiýanyň üstünligi iki sany ýokary derejeli çykyş boldy: “Dýuna: Ikinji bölüm” we “Godzilla we Kong: Täze imperiýa”. Deni Wilnýowyň mart aýynyň başynda çykan ylmy-hyýaly blokbasteriniň dowamy halkara kassa ýygymynda 411,8 million dollar gazandy we Demirgazyk Amerikadan toplanlaryny hem goşmak bilen, umumy kassa ýygymy 683,9 million dollara ýetdi. “Täze imperiýa” halkara çäginde 278,6 million dollar gazandy, onuň dünýädäki kassa ýygymy bolsa 436,6 million dollar boldy.
Agzalan hitlerden başga-da, studiýa “Wonka”, “Akwamen we ýitirilen patyşalyk” ýaly filmleri hem çykardy.


şu gün 10:41
248

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....