Derweze krateri ýanmagyny bes edip biler: metan zyňyndylaryny azaltmagyň usuly tapyldy

  • 16.04.2024 12:50
  • 32k+

“Garagumuň ýalkymy” diýlip atlandyrylýan 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýanýan Derweze krateri metan zyňyndylarynyň çeşmesi bolmagyny bes edip biler. “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri kraterde gazyň ýanmagyny ep-esli azaltmaga, geljekde bolsa bütinleý saklamaga mümkinçilik berjek usuly hödürlediler.

Bu meselä “Turkmen Energy” habarlar daýjestinde neşir edilen makala bagyşlanýar diýip, ORIENT habar berýär.
Usulyň düýp özeni krateriň aşagyndaky ähli öndümli gatlaklary ýüze çykarjak täze guýyny burawlamakdan ybarat. Bu gazy kraterden guýa gönükdirmäge, ol ýerden hem onuň gazylyp alynmagyna we biderek ýere ýakylman ulanylmagyna mümkinçilik berer.
Usulyň netijeliligi hemra suratlarynyň maglumatlary bilen tassyklanýar. Olar golaýdaky guýulardan gaz çykarylanda, 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2024-nji ýylyň fewral aýyna çenli döwürde ýanmanyň ep-esli azalandygyny görkezýär.
Hödürlenen usul diňe bir ekologiýa taýdan arassa bolman, eýsem ykdysady taýdan bähbitlidir. Ol Türkmenistana gymmatly tebigy baýlygy saklamaga we bug gazlarynyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berer.
Belläp geçsek, gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi yzygiderli tehnologiýa we strategiýa kämilligini talap edýän çylşyrymly prosesdir. Türkmenistan bu meseläni çözmegiň üstünde işjeň işleýär we hödürlenen usul bug gazlarynyň “nol zyňyndylaryna” tarap möhüm ädimleriň biri hasaplanýar.
Parižde geçiriljek TEIF 2024 forumynda dünýä belli hünärmenleriň uglewodorod ýataklary özleşdirilende metan we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak meselesine öz garaýyşlaryny we çözgütlerini hödürlemegine garaşylýar.


şu gün 10:53
1.2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....