Şawkat Mirziýoýew we Raşid Meredow hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

  • 16.04.2024 11:08
  • 8.7k+

15-nji aprelde Daşkentde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategiki dialogynyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde goňşy ýurtda bolan Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk barada özbek lideriniň saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda özbek-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň ösüşini, “Şawat-Daşoguz” söwda zolagynyň döredilmegini, şeýle-de senagat kooperasiýasy, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

Sebitara gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmäge aýratyn üns berildi. Şu ýyl Özbegistanda şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.

Şeýle-de, geljekki duşuşyklara ýokary derejede taýýarlygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tertibini düzmek meselesi maslahatlaşyldy.

Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......