Microsoft Windows 11-iň “Pusk” menýusynda mahabatlary synap başlaýar

  • 15.04.2024 13:57
  • 2.3k+

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň “Başlangyç” (Psuk) menýusynda mahabaty synap başlaýandygyny mälim etdi diýip, iXBT habar berýär.

Ýönekeý ulanyjylar aladalanardan entek ir, sebäbi bu synag diňe Windows Insider Program programmasynyň käbir gatnaşyjylaryna täsir eder. Mundan başga-da, deslapky görnüşde işlediljek, ýöne ýapyp boljak aýratynlyk hakda aýdýarys. Şeýle-de bolsa, iru-giç hemmeler bu görnüşdäki mahabaty Windows-da görerler.
Şol bir wagtyň özünde, Microsoft, takmynan, 10 ýyl bäri Windows-da mahabaty synag edýär we şu wagta çenli, bagtymyza, mümkin boldugyça, esasanam Android üçin käbir hytaý gabyklary bilen deňeşdirilende, seresaplylyk bilen işleýär.


06.02.2026 11:51
935

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...

05.02.2026 02:14
770

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär...

29.01.2026 02:06
1.8k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

26.01.2026 17:41
2.2k+

Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady

Windows 11 üçin 13-nji ýanwarda çykan KB5074109 belgili howpsuzlyk täzelenmesi kompýuterleriň kadaly işe girizilmegine päsgel berýän çynlakaý näsazlygy ýüze çykardy. Microsoft bu ýalňyşlygyň bardygyny tassyklap, meseläni öwrenip başlandygyny habar berdi...