«Baýer» FK 119 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Bundesligada çempion boldy

  • 15.04.2024 13:32
  • 8.1k+

Lewerkuzeniň «Baýeri» taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy. Klubuň futbolçylary ýaryşyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda möhletinden öň çempion boldular.

Topar ýaryşyň 29-njy tapgyrynda «Werder» bilen geçirilen oýundaky ýeňşinden soň nemes futbolynyň esasy kubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk «Baý Arena» stadionynda geçirildi we meýdançanyň eýeleriniň uly ýeňşi bilen tamamlandy – 5:0.
Wiktor Bonifaseniň (penalti), Granit Jakanyň we het-trik eden Florian Wirsiň takyk urgulary lewerkuzenlilere bu üstünligi getirdi. Bremenliler garşydaşlaryna hiç hili jogap berip bilmediler.
Şeýlelikde, «Baýer» ligada ýeňilmezligini dowam etdirýär: 29 oýun, 25 ýeňiş, 4 deňlik. Möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda «Baýer» bilen ikinji orunda barýan «Bawariýanyň» arasyndaky tapawut 16 utuga deň boldy. Mýunhenlileriň galan oýunlarda şeýle aratapawudy geçmegi matematiki taýdan mümkin däl.
Netijede, topar takmynan 120 ýyllyk taryhynda ýurtdaky ilkinji çempionlygyny aldy.


şu gün 14:15
4.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......