Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

  • 15.04.2024 06:44
  • 16k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew akademiýada alnyp barylýan işler, talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ugrunda döredilen şertler we ýaşlaryň atçylyk ulgamyna degişli milli ýörelgeleri özleşdirişleri barada hasabat berdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän giň möçberli taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, şeýlelik bilen, olaryň baş sanynyň has-da artandygyny uly buýsanç bilen habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýy synlap, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy.
Akademiýanyň talyplary okuwdan boş wagtlaryny bedewleriň arasynda geçirmelidirler, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri, häzirki zamanyň tejribesini utgaşykly alyp barmaklary ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik meselelerini öwrenmegi we bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
984

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......