Internete baglanmak ýetginjeklerde gündiz ukuly ýagdaýda gezmegine we depressiýa düşmegine sebäp bolup biler

  • 15.04.2024 06:22
  • 11k+

Ýetginjekleriň internetden aşa köp peýdalanmagy olaryň ukusyna we şähdine ýaramaz täsir edýär. Angliýanyň, Malaýziýanyň we Awstraliýanyň alymlary dürli ýurtlaryň maglumatlary seljerilenden soň şeýle netijä geldiler. Gözlegiň netijeleri Information Technology & People žurnaly tarapyndan neşir edildi.

Hünärmenler interneti günde uzak wagtlap ulanmagyň we smartfonyň öňünde oturmagyň ýaşlarda ukusyzlygyň we depressiýa alamatlarynyň döremegine sebäp bolýandygyny anykladylar. Munuň sebäbi, internetiň olary durmuşdaky köp sagdyn çärelerden, mysal üçin, sosial gatnaşyklardan  we fiziki işjeňlikden binesip goýýandygy bilen baglanyşykly.
Gözlegiň awtorlaryndan biri, internetde sarp edilýän wagt, köplenç, çäksiz we tertipsiz bolýar. Käbir adamlar kompýuter oýunlaryny aşa köp oýnamazlyga çalyşýarlar, ýöne durmuşyň beýleki ugurlarynda (okuw, iş, dynç alşyň beýleki görnüşleri) internetiň ulanylmagynda hiç hili çäklendirmeler ýok.
Gözlegçiler internet bilen bagly bolmadyk çäreleriň meşhurlygyny artdyrmaga  çagyrýarlar: ukyny dogry guramaklyga höweslendirmek (ýatmazyň öňýany  enjamlardan gaça durmak), çagalary mekdepden soň sport bilen meşgullanmaga çekmek we biri-biri bilen janly aragatnaşyk saklamaklaryna kömek etmek. Şeýle hem, internetde oturýan wagtyňyzy çäklendirip, ony iş / okuw we dynç alyş bilen sazlaşykly utgaşdyryp paýlamaklyga düşünjeli çemeleşmek möhümdir.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......