“Joker 2” treýlerine bir günde 167 million gezek tomaşa edildi

  • 14.04.2024 14:01
  • 5.6k+

“Joker: iki adamlyk telbelik” filminiň treýleri çykandan soň 24 sagadyň dowamynda 167 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi. Bu “Warner Bros” film kompaniýasy üçin soňky ýyllarda internetdäki tomaşa etmeleriň we pikir paýlaşmalaryň sany boýunça iň gowy netije boldy diýip, Variety neşiri habar berýär.

Treýler hatda 2023-nji ýylyň gyşynda köpçüligi tolgundyran ilkinji “Barbi” tizerinden hem ozdurdy.
Wideonyň üstünlik gazanmagynda ony Ledi Gaganyň öz sosial ulgamlarynda millionlarça tomaşaçylara ýetirmeginiň täsiri bar.
“Joker: iki adamlyk telbelik” filminiň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda bolar. Ilkinji görkezijilerden çen tutsaň, filmde 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan asyl filmiň üstünligini gaýtalamak üçin ähli mümkinçilikler bar. 


düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......