Gurban Berdiýew Russiýanyň futbol klubunda täze wezipe aldy

  • 13.04.2024 18:15
  • 33k+

Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň “Dinamosynyň” prezidenti Gaji Gajiýewiň geňeşçisi boldy. Bu barada Russiýanyň futbol klubunyň saýtynda habar berilýär.

“Gurban Bekiýewiç üçin ätiýaçdaky düzümi taýýarlamak, täze zehinleri ýüze çykarmak, onuň öz sözlerine görä, nirede işlese-de öňki ýyllardaky ýaly gyzykly ugur bolmagynda galýar. Ol bu işi Dagystanda dowam etdirer” – diýlip, habarda aýdylýar.

71 ýaşly Berdiýew fewral aýynda “Dinamonyň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Ol topara 2023-nji ýylyň tomsunda ýolbaşçylyk edip başlady.
Berdiýew karýerasynyň dowamynda iki gezek Kazanyň “Rubinini” Russiýanyň çempionatynda ýeňşe getirdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub Russiýanyň kubogyny we iki gezek Russiýanyň Super kubogyny gazandy. Mundan başga-da, Berdiýew dürli ýyllarda dürli futbol klublarynda, şol sanda Türkmenistanyň “Nisa” klubunda we Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi wezipesini ýerine ýetirdi.
Mahaçkalanyň “Dinamosy” häzirki möwsümde Birinji liganyň ýaryş jedwelinde 25 oýunda 44 utuk gazanyp, üçünji orny eýeleýär.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......