Şeşko “ManÝunaýtediň” düzümine goşuldy, Inýigo Martines “Barselonadan” gidýär

  • 09.08.2025 19:19
  • 10k+

“Mançester Ýunaýted” 22 ýaşly sloweniýaly hüjümçi Benýamin Şeşko bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Klub bilen oýunçynyň şertnamasy 2030-njy ýylyň iýunyna çenli hereket eder.

Resmi däl maglumatlara görä, “MÝ” transfer üçin “RB Leýpsige” 76,5 mln ýewro töledi, şeýle-de 8,5 mln ýewro möçberde bonus göz öňünde tutuldy.
Şeşko nemes klubunda 2023-nji ýyldan bäri çykyş etdi. Ol 87 oýna gatnaşyp, 39 gol geçirdi we 8 assist etdi. Transfermarkt onuň bazar bahasyny 70 mln ýewro diýip hasaplaýar.


Beýleki uly transferleriň arasynda “Bornmutyň” 22 ýaşly ukrainaly goragçysy Ilýa Zabarnynyň “Pari Sen-Žermene” geçmegi bar. Insaýder Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klublar ylalaşyk gazandy. Şertnamanyň bahasy 67 mln ýewro diýlip hasaplanýar. Futbolçynyň fransuz kluby bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşmagyna garaşylýar.
Zabarnyý lukmançylyk barlagyndan geçer we 13-nji awgusta meýilleşdirilen UEFA-nyň Superkubogyndan öň (“PSŽ” bilen “Tottenhem” oýnar) topara goşular.


Şeýle-de, Romano 34 ýaşly merkezi goragçy Inýigo Martinesiň “Barselonadan” saud “Al-Nasryna” gidýändigi baradaky maglumaty tassyklady. Ol katalon kluby bilen şertnamany ýatyryp, erkin agent hökmünde Kriştianu Ronaldunyň toparyna goşular. Oýunçy “1+1” shemasy boýunça şertnama baglaşar.
Martines “Barselonada” karýerasynyň soňky iki ýylyny geçirdi. Ondan öň “Real Sosýedadyň” we Bilbao “Atletigiň” oýunçysy bolupdy. 


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....