Ispaniýada üç ýylda üç gezek Gün tutulmasy görner

  • 13.04.2024 16:17
  • 4.8k+

Ispaniýanyň ilaty seýrek duşýan astronomiki hadysanyň şaýady bolar: 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla çenli üç ýylyň içinde ýurt iň ýokary kategoriýadaky üç sany Gün tutulmasyny synlap biler, olaryň ikisi doly Gün tutulmasy bolar.

Ispaniýanyň El Pais gazetiniň habar bermegine görä, beýle tötänlik taryhda görlüp-eşidilmedik zatdyr. Belli bir geografiki nokatdan geçýän doly Gün tutulmasyny görmek mümkinçiligi, adatça, adama ömründe bir gezek miýesser edýär.

Neşir: "Ispaniýanyň astronomiki nesibesi güýçli çykdy" –diýip belleýär.

Ilkinji, doly Gün tutulmasy 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolar – bu 1999-njy ýyldan bäri Ýewropada ilkinji Gün tutulmasydyr. Ondan soň doly Gün tutulmasy 2027-nji ýylyň 7-nji awgustynda bolar.
Üçlügi 2028-nji ýylyň halka şekilli Gün tutulmasy soňlar, şonda Günüň üstüni ýapýan Aýyň töwereginde ýagtylyk halkasy emele geler.
Ozal Meksikada, ABŞ-nyň 15 ştatynda we Kanadada, şeýle hem Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndaky käbir adalarda 30 milliondan gowrak adamyň syn eden doly Gün tutulmasy hakda ýazypdyk.


14.06.2026 16:13
5.8k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

04.06.2026 19:55
6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....