Fransuz zenany Eýfel diňine ýüp bilen dyrmaşyp, gaýa dyrmaşmak boýunça rekord goýdy

  • 13.04.2024 16:14
  • 12k+

Fransiýa 24 habarlar ýaýlymynyň habar bermegine görä, 34 ýaşly fransuz zenany Anuk Garnýe Eýfel diňiniň ikinji böleginiň düýbüne çykmak bilen gaýa dyrmaşmak boýunça dünýä rekordyny goýdy.

Türgen 110 metre belentlige bary-ýogy 18 minutda çykdy.
Bu üstünlik diňe bir sport görkezijisi bolman, eýsem haýyr-sahawat çäresi boldy. Garnýe rak keseline garşy göreşýän guramalara serişdeleri toplamak üçin daga çykdy. Ejesiniň bu kesele duçar bolmagy bilen bagly waka oňa ylham berdi.

Öňki dünýä rekordyny 2020-nji ýylda Ýohannesburgda (Günorta Afrika) Soueto diňleriniň arasyndaky ýüp býunça 90 metre çykan günorta afrikaly türgen Tomas Wan Tonder goýupdy. Şeýle-de bolsa, Garnýe ýüpli Daniýanyň Kopengagen opera teatryna - 26 metr belentlige çykmak bilen rekord goýan daniýaly zenan Ida Matilda Stinsgaardyň tejribesiniň has hem ylham berendigini aýtdy.
Anuk Garnýe tejribeli türgen, öz kategoriýasynda iki gezek OCR (päsgelçilik ýaryşy) dünýä çempiony, spartan ýaryşy boýunça Ýewropanyň çempiony we OCR boýunça iki gezek Fransiýanyň çempiony.
Indi türgen päsgelçilik ýaryşlaryna gaýdyp barmagy meýilleşdirýär we maý aýynda Parižde geçjek 2024-nji ýylyň Tomusky oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin Afinydan alynjak  Olimpiýa alawyny Marsele elter.


şu gün 00:07
816

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......