Samsung Galaxy AI rusça “gepläp” başlady. Basym türk dilinde hem geplär

  • 13.04.2024 16:09
  • 6.2k+

Samsung rus, arap we indoneziýa dilleriniň goldawlaryny goşup, Galaxy AI-niň dil mümkinçiliklerini giňeltdi.

Mundan başga-da, emeli aň indi üç sany täze şiwäni: Awstraliýanyň iňlis dilini, kanton dilini (Hytaýyň şiwesi) we Kanadanyň fransuz dilini tanaýar.
Ýylyň ahyryna çenli Samsung türk, rumyn, niderland we şwed dillerini, şeýle hem adaty hytaý diliniň we Ýewropanyň portugal diliniň şiwelerini öz içine alýan birnäçe dile goldaw bermegi meýilleşdirýär.
Galaxy AI arkaly ulanyjylar hakyky wagtda iki taraplaýyn terjime arkaly telefonda jaňlaşyp, gepleşigi tekste öwrüp we teksti dürli stile (dostlukly, işewürlik) öwrüp bilerler.
Bu funksiýa flagman Samsung Galaxy S24 smartfonlarynda we käbir beýleki täze modellerde elýeterlidir.
Galaxy AI üçin täze dil paketlerini “Sazlamalar” bölüminden göçürip alyp bilersiňiz.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

07.03.2026 17:10
912

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...