Stambulyň howa menzilinde terapewt itler peýda boldy. Olar ýolagçylara rahatlanmaga kömek edýär

  • 13.04.2024 17:18
  • 23k+

Stambulyň howa menzilinde ýolagçylara stres ýagdaýyny we uçuş gorkusyny ýeňip geçmäge kömek edýän terapewt itler peýda boldy. Bu barada Associated Press habar berýär.

Bäş sany it birnäçe aý dowam eden taýýarlykdan we türgenleşikden soň fewral aýynyň ahyrynda işe başlady. Olara sesler we adamlaryň üýşmesi ýaly ünsüňi sowujy faktorlara reaksiýa bildirmezlik öwredildi.

“Biz olaryň howpsuz ýagdaýdadygyna we 100% biziň gurşawymyza uýgunlaşandygyna göz ýetirmelidik” diýip, howa menziliniň müşderiler bilen işleşmek boýunça menejeri Kadir Demirtaş belleýär.

Itler toparynyň lideri Kuki atly lagotto-romanolo boldy. Ol “kärdeşleri” bilen bilelikde her gün terapewt itiň her biri üçin iş wagtyny kesgitleýän weterinara barýar.
Itler howa menziliniň çäginde adam-ýoldaşlary bilen bilelikde işleýärler. Iş wagty olar ýörite forma geýýärler we resmi beýjleri dakynýarlar. Itleriň iş sagatlary 10.00-dan 16.00 aralygynda paýlanýar.
Howa menzili täze başlangyja oňyn seslenmeleri alandygyny belleýär. Indi howa menzili itler ştatyny giňeltmegi we täze tüýlek terapewtleri işe çekmegi meýilleşdirýär.


düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.6k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......

03.05.2026 16:13
7.8k+

Türkiýede uçarmanlary taýýarlamagyň 4 ýyllyk okuwyna dalaşgärleri kabul edişlik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuwlara bäsleşik esasynda kabul edişlik yglan......

28.04.2026 14:40
2.3k+

Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlara girmegini çäklendirdi

23-nji aprelde Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial torlarda akkaunt açmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Indi platformalar ýaşy anyklamagyň ygtybarly ulgamlaryny ornaşdyrmaga we......