“Al-Hilýal” “Al-Ittihady” utup, Saud Arabystanynyň Super kubogyny gazandy

  • 12.04.2024 13:49
  • 11k+

11-nji aprelde Abu-Dabide “Mohammed Bin Zaýed” stadionynda Saud Arabystanynyň Super kubogynyň final oýny geçirildi we bu oýunda “Al-Hilýal” bilen “Al-Ittihad” duşuşdy.

Duşuşyk “Al-Hilýalyň” 4:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
“Al-Hilýalyň” braziliýaly hüjümçisi Malkom oýnuň eýýäm bäşinji minutynda hasaby açdy. “Al-Ittihad” 21-nji minutda Abderrazak Hamdallanyň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. 44-nji minutda “Al-Hilýaldan” Salem Al-Dawsari toparyny öňe çykardy, soňra Malkom 89-njy minutda ýene bir goly hasaba goşdy. Duşuşygyň 96-njy minutynda Nasser Al-Dawsari hasaby gutarnykly kesgitledi.
“Al-Hilýal” bu ýeňiş bilen futbol taryhyndaky rekord ýeňişli tapgyryny yzygider 34 oýna çenli uzaltdy.
Ýatlap geçsek, ýarym finalda “Al-Hilýal” Kriştianu Ronalduly “Al-Nasrdan” üstün çykdy (2:1), Karim Benzemanyň çykyş edýän “Al-Ittihady” bolsa “Al-Wahdadan” güýçli boldy (2:1).


şu gün 23:41
160

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

şu gün 13:41
7.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
6.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......