100 dýuýmlyk 4K Redmi MAX 100 2025 telewizory hödürlendi

  • 12.04.2024 12:24
  • 5.5k+

10-njy aprelde Hytaýda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Redmi diňe bir Turbo 3 smartfonyny we Pad Pro planşetini däl, eýsem uly, ýöne şol bir wagtyň özünde elýeterli telewizoryny hödürledi.

Täze 100 dýuýmlyk 4K telewizor Redmi MAX 100 2025-iň bahasy 1245 dollara barabar.
Ilkinji alyjylar aýratynlykda 210 dollara satylýan Xiaomi TV Speaker 3.1 saundbaryny sowgat alarlar. Telewizoryň ekrany 120 Gs kadr ýygylygy bilen häsiýetlendirilýär, MEMC we VRR tehnologiýalaryny goldaýar, DCI-P3 reňk giňişliginiň 94%-ini gurşap alýar.
Enjam platformasy dört ýadroly CPU Arm Cortex-A73-li SoC sistemasyna esaslanýar. Operatiw ýadyň we fleş-ýadyň göwrümi, degişlilikde, 4 we 64 GB. Telewizor HyperOS-yň dolandyrmagynda işleýär.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...