Edebiýat boýunça Buker baýragynyň gysga sanawy hödürlendi

  • 11.04.2024 15:44
  • 2.2k+

2024-nji ýylyň edebiýat boýunça halkara Buker baýragynyň gysga sanawyna alty dilden terjime edilen eserler girdi. Sanaw edebiýat baýragynyň saýtynda ýerleşdirildi.

Baýrak üçin şu aşakdaky romanlar bäsleşer:

  • - braziliýaly kiçi Itamar Wieýranyň “Crooked Plow” (“Egri azal”);
  • - argentinaly Selwa Almadanyň “Not a River” (“Bu derýa däl”);
  • - niderlandiýaly Ýente Postumanyň “What I’d rather not think about” (“Pikir etmek islemeýän zadym”);
  • - germaniýaly Jenni Erpenbegiň “Kairos” (“Kaýros”);
  • - günorta koreýaly Hwan Sok Ýonyň “Mater 2-10” (“Demirýolçularyň üç nesli”);
  • - şwesiýaly Ia Genbergiň “The Details” (“Jikme-jiklikler”) romany.

Görkezilen eserler 13 kitaby öz içine alýan uzyn sanawdan saýlanyp alyndy. Baýragyň ýeňijileri noýabr aýynda yglan ediler. Onuň pul sylagy 50 müň funt sterling bolup, ol awtor bilen eseri iňlis diline terjime edijiniň arasynda deň derejede paýlanar. Baýragyň gysga sanawyna girenleriň her biri 2,5 müň funt sterling alar.
Buker baýragy iňlis edebiýatynyň iň abraýly baýraklarynyň biridir. Ilkibaşda ol Milletler arkalaşygynyň ýurtlarynyň birinde, Irlandiýada we Zimbabwede ýaşaýan awtora berilýärdi. 2015-nji ýyldan bäri bu baýragy raýatlygyna garamazdan, iňlis dilindäki romanyň islendik awtory alyp bilýär.

düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......