Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

  • 08.07.2025 20:09
  • 6.1k+

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar.

Skripka Germaniýadan Mendelson-Bonke maşgalasyna degişlidi. Nasizm ýyllary emlägiň elden alynmagyndan howatyrlanyp, ýewreý maşgalasy ony saklamak üçin Berlin bankyna berdi. Uruşdan soň gural bankyň seýfinden ýitdi. Gözleglere we KHBS-däki bildirişlere garamazdan, skripka ýiten ýa-da ýok edilen diýlip hasaplandy.
Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň Ýewropa gözlegleri institutynyň ylmy işgäri, medeniýet taryhçysy Karla Şapro ýapon sergisinden suratlary tapyp, olaryň birinde Stella atly we 1707-nji ýyl seneli saz guralynyň “Mendelssohn” skripkasyna örän meňzeşdigine üns berdi. Ol bu skripkany 15 ýyldan gowrak wagt gözledi.
Skripka 2000-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky auksionda 1,2-1,5 mln dollar bilen bahalandyryldy, ýöne şol wagt ol satylmady. Hünärmen köne we täze suratlary deňeşdirip, skripkanyň formasynyň, agajyň teksturasynyň we mahsus köneligiň gabat gelýändigini tassyklady.
Tarisio auksion öýüniň esaslandyryjysy Jeýson Praýs hem onuň şol bir skripkadygyny we muňa hiç hili şübhäniň ýokdugyny nygtady.

şu gün 22:13
40

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
73

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......