“Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň treýleri çykdy

  • 11.04.2024 15:23
  • 5.6k+

Warner Bros. “Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. 2019-njy ýylyň “Oskar” baýragyna eýe bolan filminiň dowamy 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda dünýä prokatyna çykar. Bu barada film.ru habar berýär.

Filmde baş keşpleri Hoakin Feniks we Ledi Gaga ýerine ýetirdi. Sýužet Jokeriň Harli Kwinn bilen tanyşlygy barada gürrüň berer. Režissýor hökmünde birinji filmi surata düşüren Todd Fillips çykyş etdi.
Treýlerde Jokeriň Arhkem psihiatrik hassahanasyndadygyny, şeýle-de onuň Harli Kwinn bilen duşuşygyny görkezýän kadrlar bar. Filmde Brendan Glison, Ketrin Kiner we Zazi Bits hem çykyş etdi.
Birinji “Joker” hakyky fenomen boldy: ol prokatda bir milliard dollardan gowrak girdeji ýygnady, Hoakin Fenikse iň gowy erkek keşbi üçin “Oskar” baýragyny getirdi we Wenesiýa kinofestiwalynyň “Altyn ýolbarsyny” aldy.
“Joker: Iki adamlyk telbelik” 2024-nji ýylyň iň köp garaşylýan filmleriniň biri hasaplanýar.


09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

16.05.2026 19:49
3.7k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

15.05.2026 11:13
1.3k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....

13.05.2026 14:33
2.6k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......