Apple eýýäm 2025-nji ýyldan eplenýän iPhone ýa-da iPad çykaryp başlamagy mümkin

  • 11.04.2024 15:09
  • 5.8k+

Apple eýýäm 2025-nji ýyldan başlap eplenýän enjamlaryny bazara çykarmagy meýilleşdirip, bu ugurda işini güýçlendirdi. Bu karar iPhone-yň satuwynyň ösüş depgininiň haýallamagy, şeýle hem Apple-iň Samsung-yň we Huawei-iň agdyklyk edýän (olaryň paýy 80% -den geçýär) eplenýän enjamlar bazaryndaky ornuny berkitmek islegi bilen baglanyşyklydyr.

Economic Daily-e salgylanýan ITHome-niň habar bermgine görä, Apple öň Vision Pro taslamasynda işleýän işgärlerini eplenýän enjamlar bölümine geçirdi. Soňky aýlarda eplenýän iPad, eplenýän Mac we eplenýän iPhone hakda myş-myşlar ýaýrady, ýöne bu taslamalaryň haýsysynyň durmuşa geçiriljekdigi entek belli däl.
Apple-iň eýýäm Galaxy Flip-i ýatladýan eplenýän iPhon-laryň azyndan ikisiniň prototipini döredendigi mälimdir. Kompaniýa daşky ekrany bolan, galyňlygy iPhone 15-den geçmeýän enjam döretmekçi bolýar.
Şeýle-de bolsa, bilermenler eger üpjün edilýän düzüm bölekler kompaniýanyň talaplaryna laýyk gelmese, Apple-e meýilnamalaryny amala aşyrmakda bökdençlik döredip biler diýip belleýärler. Myş-myşlara görä, Apple displeýleriň ygtybarlylygy bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli henizem çeýe ekranly enjamyny çykarmady.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...