Nissan wideoda täzelenen Qashqai 2025 krossowerini görkezdi: ondaky täzelikler

  • 11.04.2024 15:02
  • 5.8k+

Täzelenen Nissan Qashqai 2025 krossoweriniň ilkinji wideo tizeri çap edildi. Model öndürilip başlanandan üç ýyl soň gaýtadan işlenildi. Doly täzelenen Qashqai 17-nji aprelde hödürlener, ýöne kompaniýa eýýäm daşyndaky we içindäki käbir üýtgeşmelerini görkezdi diýip, Carscoops ýazýar.

Daşy täzelenen Qashqai has inli radiator gözenegini, täze grafikaly faralary we has uly howa girelgeli täzeden işlenip düzülen bamper aldy. Öňündäki aýlawlaryň gyrasy hem üýtgedi we täze tekerler peýda boldy. Tizerde yzky bölegi görkezilmändir, megerem, ol üýtgewsiz galan bolsa gerek.
Täzelenen krossoweriň içinde 12,3 dýuým diagonally ekrany bolan sanly gurallar panelini, 9 dýuým ekranly media ulgamyny we 10,8 dýuým ekranly baş ekrany görüp bilersiňiz. Bularyň hemmesi krossoweriň top wersiýasynda eýýäm bar, ýöne täzelenen model täze materiallary ulanar we belki Nissan komplektasiýanyň gowulandyrylan mazmunyny hödürlär.
Qashqai 2025 hereketlendirijiniň diapazony üýtgewsiz galar diýlip garaşylýar. Esasy wersiýasy 1,3 litrlik turbo hereketlendiriji bazasynda (140 at güýji) “ýumşak” gibrid bilen enjamlaşdyrylar we ýokarky wersiýasy 190 at güýji bolan e-Power gibrid ulgamyny alar. 1,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýar. Düýbünden täze platforma esasly arassa elektrik awtoulagy biraz soň peýda bolar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....