Dünýäde ömür dowamlylygy 30 ýylda 6,2 ýyl uzaldy

  • 11.04.2024 14:57
  • 6.5k+

Alymlar 1990-njy ýyllardan bäri dünýäde garaşylýan ömür dowamlylygynyň 6,2 ýyl artandygyny anykladylar. Bu içgeçmeden (diareýa), aşaky dem alyş ýollarynyň kesellerinden we ýürek kesellerinden ölümiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Alymlaryň gözlegi Lancet žurnalynda neşir edildi.

Günorta-Gündogar Aziýany, Gündogar Aziýany we Okeaniýany öz içine alýan sebitde bu döwürde garaşylýan ömür dowamlylygynyň iň uly ösüşi hasaba alyndy – 8,3 ýyl.
Ikinji orunda Günorta Aziýa gelýär. Bu ýerde içgeçme kesellerinden ölüm derejesiniň ep-esli azalmagy netijesinde garaşylýan ömür dowamlylygy 7,8 ýyl artdy.
Şeýle-de bolsa, alymlar COVID-19 pandemiýasynyň ömür dowamlylygyna düýpli ýaramaz täsiriniň bardygyny anykladylar. Bu keselden Latyn Amerikasynyň we Karib basseýniniň, şeýle-de Saharanyň günortasyndaky Afrika sebitleri has uly zyýan çekdi.
Hünärmenler süýji keseli  we böwrek keseli ýaly ýokanç däl keselleriň döredýän howpunyň barha artýandygyny anykladylar. Şeýle-de, ýüregiň işemiýa keseline, insulta we rak keseline garşy göreşde deň derejeli bolmadyk progres bar. 


şu gün 10:44
1.3k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......

28.06.2026 23:54
4k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......