Parižde Olimpiýa halkalary Eýfel diňinde gurnalar

  • 11.04.2024 07:55
  • 3.1k+

Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Oýunlara gatnaşýan bäş yklymy alamatlandyrýan biri-biriniň içinden geçen bäş Olimpiýa halkasy Eýfel diňinde gurnalar. Bu barada “Le Parisien” gazetine salgylanyp, championat.com habar berýär.

“Her Olimpiadada bäş sany uly halka Oýunlary kabul edýän şäher üçin simwoliki bolan ýerde gurnalýar” diýlip, makalada bellenilýär.

Gazetiň maglumatlaryna görä, halkalar, takmynan, 60 metr beýiklikde, diňiň birinji we ikinji gatlarynyň aralygynda ýerleşdiriler. Mundan başga-da, Eýfel diňi sport ýaryşlarynda-da möhüm roly ýerine ýetirer. Şeýlelikde, kenarýaka woleýboly boýunça ýaryş onuň etegindäki Mars meýdançasynda geçiriler. Onuň golaýynda, Trokadero meýdançasynda “Çempionlar seýilgähi” diýlip atlandyrylýan uly fan-zolak dörediler, bu ýerde her gün medal eýeleri köpçüligiň öňüne çykarlar.
Ýatlap geçsek, tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Fransiýada geçiriler.


02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....