Goal “Altyn topa” esasy dalaşgärleri saýlady

  • 11.04.2024 07:54
  • 14k+

Goal portaly 2024-nji ýylda “Altyn topy” almaga dalaşgärleriň täzelenen reýtingini hödürledi. 

Bu baýrak üçin esasy dalaşgär hökmünde Madridiň “Realynyň” futbolçysy Jud Bellingem saýlandy. Şu möwsümde oýunçy Ispaniýanyň çempionatynda 23 oýna gatnaşyp, 16 gol we dört netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Onuň topary La Ligada lider bolmak bilen, ýakyn bäsdeşinden sekiz utuk öňde barýar.
Reýtingiň ikinji ornunda “PSŽ-niň” oýunçysy Kilian Mbappe ýerleşdi. Hüjümçi Fransiýanyň çempionatynyň 25 oýnunda 24 gol geçirip, alty netijeli geçirim etdi. “PSŽ” Liga 1-iň lideridir.
Esasy dalaşgärleriň üçlügini “Mançester Sitiden” Filip Foden jemledi. Ýarym goragçy Angliýanyň çempionatynda 30 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 14 gol we ýedi netijeli geçirim ýazdy. Ol Erling Holanddan soň toparyň ikinji iň köp gol geçiren oýunçysydyr.
Şeýle-de, dalaşgärleriň bäşligine “Mançester Sitiniň” ýene iki oýunçysy – Erling Holand we Rodri girdi.


şu gün 13:51
3.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......