Ýewropa Bileleşigi welosiped hereketini ösdürmek barada Jarnama kabul etdi

  • 10.04.2024 22:20
  • 2.2k+

3-nji aprelde Ýewropa Bileleşigi welosiped pudagyny ösdürmäge gönükdirilen welotransport barada Jarnama kabul etdi. Şeýle çözgüt ÝB-niň awtomobilleriň sanyny azaltmak we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ösdürmek ýolunda nobatdaky ädim boldy. Bu barada ÝB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Jarnama welosipedi hereket etmegiň ÝB-niň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ekologiýa taýdan arassa, elýeterli we arzan serişdesi hökmünde ykrar edýär.

“Biz welosipediň köp sanly peýdalarynyň bardygyny ykrar edýäris: ol daşky gurşawyň hapalanmagyny, şäher dyknyşyklaryny azaldýar we has sagdyn durmuş ýörelgesine ýardam edýär. Mundan başga-da, welosiped Ýewropa senagatynyň möhüm özenidir” – diýip, ulag meseleleri boýunça ýewrokomissar Adina Welýan belledi.

Jarnamada welosiped transportynyň ösdürilmeginiň ÝB-e daşky gurşawy goramakda öňde goýlan maksatlara ýetmäge kömek etjekdigi bellenilýär. Belläp geçsek, ÝB ýurtlary 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň arassa zyňyndylaryny azyndan 55% azaltmaga borçlandylar, 2050-nji ýyla çenli bolsa klimat bitaraplygyny gazanmaga çalyşýarlar.
Jarnamada welosipediň sosial inklýuziwligi gowulandyrýandygy hem-de adamlaryň fiziki we akyl saglygyna ýardam edýändigi bellenilýär. Hut aramlyk fiziki işjeňlik saglyk töwekgelçiliklerini we az hereketli durmuş ýörelgesi bilen baglanyşykly irki ölümi azaldýar.
Şeýle-de, welosiped bilen beýleki ulag serişdeleriniň arasynda özara gatnaşygy artdyrmak meýilleşdirilýär, mysal üçin, awtobuslarda we otlularda has köp welosipedleri daşamaga mümkinçilik bermek, şeýle-de stansiýalarda we ulag merkezlerinde welosipedler üçin howpsuz duralga zolaklaryny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. 


21.04.2026 18:34
2.7k+

Ýewropada subsidiýa syýasaty tankyt edildi: awtoulagyň howpsuzlygy goldawyny ýitirýär

Ýewropanyň elektrik ulaglaryny goldaýan syýasaty ulagyň howpsuzlygyny bahalandyrýan gurama bolan Euro NCAP tarapyndan tankyt edildi. Onuň ýolbaşçysy Mihel wan Ratingen hökümetleriň elektrik ulaglaryna......

13.04.2026 15:30
5.1k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

27.03.2026 15:39
9k+

Türkiýe, Italiýa we Şwesiýa dünýä çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşi dowam etdirýär

27-nji marta geçilen gije Dünýä çempionaty — 2026-nyň Ýewropada saýlama tapgyrynyň pleý-offunyň 1/2 final oýunlary geçirildi....

18.12.2025 23:16
4.6k+

Dünýäniň sport paýtagty statusy resmi taýdan Bakuwa geçdi

Baku 2026-njy ýyl üçin «Dünýäniň sport paýtagty» statusyna mynasyp boldy. Degişli çözgüt Ýewropanyň sport paýtagtlarynyň we şäherleriniň federasiýasy (ACES) tarapyndan kabul edildi diýip, AzerTaj agentligi habar berýär...