Çempionlar ligasynyň 1/4 finaly: "Real" "Mançester Sitini", "Arsenal" bolsa "Bawariýany" kabul etdi

  • 10.04.2024 15:16
  • 15k+

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynyň ilkinji oýunlary geçirildi.

Madridde "Real" "Mançester Sitini" kabul etdi. Duşuşyk 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy.
Oýunda ilkinji bolup hasaby ikinji minutda "ManSiti" açdy. Bernardu Silwa gol geçirdi. Şeýle-de, iňlis toparynyň düzüminde Fil Foden (66) we Ýoşko Gwardiol (71) gol bilen tapawutlandy.
"Real" ilki Ruben Diaşyň awtogolundan soň (12-nji minut) hasaby deňledi.  Soň Rodrigo (14) we Federiko Walwerde (79) gol geçirdi.
Toparlaryň jogap oýny 18-nji aprelde ýarygije (Aşgabat wagty bilen) Mançesterde geçer.


Ýaryşyň bu tapgyrynyň beýleki bir oýnunda "Arsenal" Londonda "Bawariýany" utup bilmedi. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.
Ýer eýeleri 12-nji minutda Bukaýo Sakanyň goly bilen hasaby açdylar. "Bawariýadan" oýnuň birinji ýarymynda Serž Gnabri (18) we Garri Keýn (penaltiden, 32) gol geçirdi. Oýnuň ikinji ýarymynda Leandro Trossar hasaby deňledi (76).
Jogap oýny 18-nji aprelde Mýunhende geçiriler.


şu gün 10:24
3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......