Ilon Mask Marsa million adam ibermek meýilnamasyny hödürledi

  • 09.04.2024 13:50
  • 21k+

SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Marsy koloniýalaşdyrmak boýunça uly meýilnamasyny hödürledi. Tanyşdyrylyşda çykyş etmek bilen, milliarder kompaniýanyň Gyzyl planeta 20 ýylda bir million töweregi adam iberjekdigini aýtdy.

Bu meýilnamanyň esasy elementi täze nesliň Raptor hereketlendirijisi bilen üpjün edilen ägirt Starship 3 raketasy bolar. Ol bortunda 200 tonna çenli ýük göterip biler, bu hem SpaceX-iň uçuş çykdajylaryny ep-esli azaltmagyna mümkinçilik berer.
Maskyň aýtmagyna görä, Starship 3 kompaniýa 2-3 mln dollara düşer, bu Falcon 1-iň uçurylyş bahasyndan birnäçe esse azdyr.

“Bu akyla sygmajak sanlar. Hiç kim hiç haçan munuň mümkin boljakdygyny pikir etmedi. Şol bir wagtyň özünde, biz bellenilen maksatlara ýetmek üçin fizikanyň kanunlaryny bozmaly bolmarys” diýip, Mask belledi. Onuň çykyşynyň ýazgysy YouTube-da we SpaceX-iň X akkauntynda elýeterlidir.

SpaceX-iň ýolbaşçysy kosmos gämileriniň Marsa, takmynan, her iki ýyldan iberilmegini isleýär. Bu kolonizatorlary resurslar we Ýere dolanmak mümkinçiligi bilen üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, Mask täze ýetişen marslylaryň köpüsi Gyzyl planetada hemişelik galar diýip pikir edýär.


22.06.2026 22:53
6.4k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......