Xiaomi SU7 eýýäm 18 aýa ýeterlik öňünden sargyt ýygnady

  • 08.04.2024 10:24
  • 7k+

Satuwy 28-nji martda başlanan Xiaomi SU7 elektrik sedany eýýäm 100 000 sany sargyt aldy. CarNewsChina portalyna salgylanýan auto.ru-nyň habar bermegine, bu mukdar kompaniýanyň zawodyny 18 aý öňünden iş ýüküni ýetirmek üçin ýeterlikdir.

Aprel aýynda Xiaomi aýda 4000-5000 SU7 elektrik ulagyny ýygnap biler, emma kompaniýa ýylyň ahyryna çenli önümçiligi 6000 birlige ýetirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda önümçiligiň depgini - günde 300 awtoulag.
SU7-niň satuwy başlanandan soň Xiaomi-niň paýnamalary birden ýokarlandy. Gonkong-yň biržasyndaky söwdalaşyklar wagtynda olaryň bahasy 16% gymmatlady.
Xiaomi SU7-iň esasy wersiýasy 299 at güýji bolan bir elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr we 216 müň ýuan (29,8 müň dollar) bahasy bardyr. Jemi 673 at güýji bolan iki hereketlendirijili iň gymmat modifikasiýasynyň bahasy 300 müň ýuan (41,4 müň dollar). Elektrik ulagynyň ýöreýiş ätiýaçlygy, batareýasyna baglylykda 700-den 830 kilometre çenli.
Hünärmenler Xiaomi SU7-iň satuwy dünýäde iň köp satylýan Tesla Model 3-iň derejesinde bolar diýip çaklaýarlar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....