Dueýn Jonsonyň gatnaşmagynda “Moananyň” kinoremeýki 2026-njy ýylda çykar

  • 07.04.2024 15:51
  • 19k+

“Moana” multfilminiň oýun remeýki 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda kinoteatrlarda çykar. Collider neşiri tomaşaçylaryň 2025-nji ýylyň noýabrynda ekrana çykjak animasion filmiň dowamyna has köp üns berip bilmegi üçin, çykyş senesiniň yza süýşürilendigini belleýär.

Kinoadaptasiýanyň režissýory Tomas Kail bolar. Ol batyrgaý Moananyň wakasyny gaýtadan gürrüň berip, onuň taýpasynyň medeniýetine we däp-dessurlaryna aýratyn üns berer. Ssenariýanyň üstünde Jared Buş we Dana Ledu Miller, şeýle-de kino wersiýasy üçin aýdym-sazy adaptirlejek Lin-Manuel Miranda işlär.
Baş keşbi ýerine ýetiriji heniz belli däl, ýöne remeýkde Moananyň keşbini multfilmde we dowamynda gahrymana ses beren Aulii Krawalonyň oýnamajakdygy mälimdir.
Oýun remeýkiniň sýužeti asyl multfilmi gaýtalar. Wakalar 2000 ýyl ozal Ýuwaş ummanynyň adalarynda bolup geçýär. 14 ýaşly şa gyzy Moana Waýaliki öz taýpadaşlaryny halas etmek üçin ýola çykýar. Ýolda ol ýarym Hudaý Maui bilen tanyşýar we olar bilelikde köp synaglardan geçýärler.
Eýýäm häzir “Moananyň” oýun remeýki 2026-njy ýylyň iň köp garaşylýan kino taslamalarynyň biri hasaplanýar.


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....