“Matrisanyň” täze bölüminiň üstünde işlenilip başlandy

  • 06.04.2024 05:30
  • 3.2k+

"Matrisanyň" dowamy çykar: Warner Bros. studiýasy franşizanyň bäşinji bölüminiň üstünde işlenip başlandygyny resmi taýdan mälim etdi diýip, Variety habar berýär.

Filme ““El Roýal” myhmanhasynda gowy zat ýok” we “Tokaýdaky kepbe” filmleri bilen tanalýan Drýu Goddard režissýorlyk eder.
Trilogiýanyň asyl nusgasyny döreden Lana Waçowski filmiň düşürilişine gönüden-göni gatnaşmaz, ýöne prodýuser hökmünde çykyş eder. Edebi esasyny hem Drýu Goddard ýazar. Bu Lana we Lilli Waçowskileriň önümçilige gönüden-göni gatnaşmaýan “Matrisa” seriýasyndaky ilkinji filmdir.
Sýužetiň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. Kianu Riwziň (Neo) we Kerri-Enn Mossyň (Triniti) öz keşplerinde indi oýnajagy-oýnamajagy heniz belli däl.
“Matrisa 5” sikwel, spin-off bolubam ýa-da kino älemine düýbünden täze garaýşy getiribem biler. Warner Bros. bäşinji bölegiň “Matrisanyň" dünýäsini giňeltjekdigini, ýöne asyl nusgasyna wepaly bolup galjakdygyny mälim etdi.
Birinji “Matrisa” filmi 1999-njy ýylda çykdy we giň köpçüligiň filmine öwrüldi. 2003-nji ýylda onuň “Täzeden ýükleýiş” we “Rewolýusiýa” ýaly sikwelleri çykdy. “Matrisa: Direliş” atly  dördünji bölümi 2021-nji ýylda çykdy we kassa ýygymynda şowsuz boldy.
“Matrisanyň" bäşinji bölüminiň surata düşürilip başlanjak senesi, möhletleri we ilkinji görkezilişiniň haçan boljakdygy entek aýan edilmedi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....