Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbede Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 05.04.2024 18:12
  • 6.7k+

Täjigistana resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda 4-nji aprelde geçirilen Duşenbe duşuşygynyň jemlerine ýokary baha berlip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-täjik gepleşikleri boýunça kesgitlenen anyk ugurlara ünsi çekdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, hyzmatdaşlygyň söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan ugurlarynda özara hereketleri işjeňleşdirmek barada barýar. Şeýle-de Täjigistandan Türkmenistana, Hazaryň kenaryna, Eýrana, soňra Pars aýlagyna, Türkiýä çykmak arkaly ulag ugruny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy, özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, iberilýän we getirilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň, eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......