Dünýäde iň takyk sagat döredildi: ol 39,15 milliard ýyldan 1 sekunt ýalňyşlyga ýol berýär

  • 05.04.2024 15:31
  • 20k+

ABŞ-nyň Boulder şäherindäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary 39,15 milliard ýylda bir sekunt ýitirýän sagat döretmek bilen, öňki rekordyny täzelediler diýip, Arxiv-iň gözlegine salgylanýan New Scientist ýazýar.

Sagat bir ölçegli gözenekde gulplanan 40 000 stronsiýa atom ulanylýan, optiki gözenekdäki gurluşdyr. Ol absolýut noldan ujypsyzja ýokary geçýän temperaturada işleýärler. Bu sagadyň “jykgyldysy” atomdaky elektronlaryň energiýa derejeleriniň arasyndaky geçişdir.
Bu sagatdaky ýalňyşlygyň näderejede ujypsyzjadygyna düşünmek üçin 39,15 milliard ýylyň 13,8 milliard ýyllyk ýaşy bolan Älemiň barlygyndan, takmynan, üç esse köpdügini bellemek gerek.
Bu sagat atom sagadynyň ornuny tutup, ol sekundyň täze kesgitlemesiniň esasynda ýatar diýlip garaşylýar.
Rekord takyklygyndan başga-da, täze sagat relýatiwistik täsirlere ýokary derejede duýgurdyr. Bu ony agyrlyk güýjüni takyk ölçemek, otnositelligiň  umumy teoriýasyny barlamak we netijede garaňky materiýany öwrenmek üçin iň oňat gural edýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....