Raketa arkaly ýetiriler: Alibaba harydy bir sagadyň içinde çalt eltip berjek raketany döretmegiň üstünde işleýär

  • 04.04.2024 12:00
  • 9.9k+

Aliexpress bazarynyň eýesi Alibaba Group we Hytaýyň Space Epoch kosmos kompaniýasy bir sagadyň içinde dünýäniň islendik ýerine haryt ýetirip biljek gaýtadan ulanylýan raketanyň taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başladylar diýip, Reuters-e salgylanýan RBK habar berýär.

Taslama ösüşiň başlangyç döwründe. Space Epoch-yň Yuanxing-1-ine esaslanan raketa göwrümi 120 kub metrlik gapda 10 tonna çenli ýük göterip biler.
Space Epoch bu raketa üçin hereketlendirijini eýýäm üstünlikli synagdan geçirdi, ýöne kompaniýa gysga möhletde taslamany durmuşa geçirmegiň aňsat bolmajakdygyny belleýär.
Ilon Maskyň SpaceX-niň hem gaýtadan ulanylýan raketalary ösdürýändigini bellemelidiris. 2024-nji ýylyň 4-nji martynda gaýtadan ulanylýan Crew Dragon kosmos gämisi SpaceX-iň Falcon-8 raketasynda HKS-a uçuryldy.
SpaceX Starship kosmiki gämisi bilen birlikde gaýtadan ulanylýan SuperHeavy raketasyny hem öndürýär. Ol ekipažy we ýükleri Ýeriň pes orbitasyna, Aýa we Marsa eltip bermek üçin döredilen dünýäniň iň güýçli raketa göterijisi bolup biler.


18.06.2026 11:17
4.7k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....