Forbes: 2024-nji ýylda milliarderleriň sany artdy, olaryň baýlygy rekord goýýar

  • 04.04.2024 11:56
  • 18k+

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk reýtingini neşir etdi. LVMH fransuz kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno 233 mlrd dollar baýlygy bilen sanawda ýene-de birinji orny eýeledi. Geçen ýyl onuň baýlygy 211 mlrd dollar diýlip hasaplanypdy.

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi Ilon Mask 195 mlrd dollar bilen ikinji orunda galdy. Onuň yzyndan 194 mlrd dollar bilen Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos gelýär.
Mark Sukerberg (Meta) 177 mlrd dollar bilen 16-njy orundan 4-nji orna çykyp, uly ösüş görkezdi (geçen ýyl onuň baýlygy 64 mlrd dollar bilen bahalandyryldy). Ilkinji bäşligi 141 mlrd dollar bilen Larri Ellison (Oracle) jemledi.
Dünýädäki milliarderleriň umumy baýlygy 14,2 trln dollara ýetdi. Bu bir ýyl ozalkydan 2 trln dollar köp we 2021-nji ýylda goýlan öňki rekorddan 1,1 trln dollar ýokarydyr.
Milliarderleriň sany hem bir ýyl ozalky 2 640-dan 2 781-e ýetip, rekord goýdy, bu 2021-nji ýylda goýlan iň ýokary görkezijiden 26 birlik köpdür.
Milliarderleriň sany boýunça öňdebaryjy ýurt ABŞ bolmagynda galýar (813 adam, umumy baýlygy 5,7 trln dollar), onuň yzyndan Hytaý (473 adam, 1,7 trln dollar) we Hindistan (200) gelýär.


düýn 10:45
2.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....