Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbede Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy

  • 04.04.2024 11:43
  • 8.4k+

4-nji aprelde resmi sapar bilen Täjigistana baran türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.

«Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Täjigistanyň resmi adamlary garşyladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de Samany döwletini esaslandyryjy milli gahrymany hatyralady.
Manysy boýunça «Dostluk meýdançasy» diýmegi aňladýan «Dusti» meýdançasy Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşip, onuň çägindäki beýik gahryman Ismoil Somoniniň hormatyna dikilen ýadygärlik tutuş paýtagtyň esasy nyşany hasaplanýar. Samanylar döwletiniň esaslandyrylmagynyň 1100 ýyllygy mynasybetli 1999-njy ýylda gurlan bu ýadygärligiň göni arkasynda ýerleşýän bina bilen bilelikdäki umumy beýikligi 43 metre deňdir. Samany döwletini esaslandyran Emir Somoni bürünçden ýasalan heýkelinde kellesi täçli, elinde Günüň şöhlesi şekilindäki altyn hasany göterip duran görnüşde «janlandyrylypdyr». Ýedi ýyldyz bilen bezelen täçdir hasa bolsa täjik döwletliliginiň esasy nyşanlarydyr diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......