Samsung Apple-den öňe geçip, smartfon bazarynda öňdebaryjy ornuna dolanyp geldi

  • 04.04.2024 06:23
  • 9.1k+

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi  hasaplanýan Samsung 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ilkinji gezek smartfon satuwynda öňdebaryjy boldy diýip, Business Korea habar berýär.

Counterpoint Research-yň we Hana Financial Investment-iň maglumatlaryna görä, Samsung 2024-nji ýylyň fewral aýynda 19,69 million smartfon iberip, bazaryň 20% -ini eýeledi. Apple bolsa 17,41 million smartfon satdy we bu bazaryň 18 göterimi boldy.
ABŞ-da Samsung fewral aýynda bazaryň 34 göterimini tutmak bilen, aýratyn täsir galdyrdy. Apple-iň ABŞ-daky paýy 64% -den 48% -e çenli azaldy. Hünärmenler muny iPhone 15-iň satuwynyň azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Samsung-yň öňe geçmeginiň esasy faktorlaryndan biri, Galaxy AI funksiýaly flagman Galaxy S24-iň gyşdaky görkezilişi boldy. Fewral aýynyň ahyryna çenli bu modeliň, takmynan, 6,53 million birligi satyldy. Öňki Galaxy S23 flagman maşgalasynyň söwdasy geçen ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli 7,24 million birlik boldy, emma Galaxy S24 seriýasy on gün gijiräk çykdy, şonuň üçin bulary gös-göni deňeşdirmek düýbünden ýerlikli däl.
Samsung-yň eplenýän flagmanlary henizem geçginli. 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2024-nji ýylyň fewral aýyna çenli 7,39 million enjam satyldy (4,76 million Galaxy Z Flip5 we 2,63 Galaxy Z Fold5) - bu şol döwürde satylan Galaxy Z Flip4 we Galaxy Z Fold4 smartfonlaryndan birneme köp (7,35 million birlik) ).
Seljerijiler Samsung-yň 2024-nji ýylda smartfon bazaryndaky öňdelikçiligini saklap biljekdigine ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, Apple bäsdeşligini dowam edýär we eýýäm iPhone 16 -yň çykmagyna taýýarlanýar.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......