Apple iki sany enjamyny resmi taýdan könelişen diýip yglan etdi

  • 04.04.2024 05:16
  • 12k+

Apple kompaniýasy iki modelini könelişen we wintaž gurluşlarynyň sanawyna goşdy. Olaryň birinjisi iPhone 6 Plus smartfony bolup, ol doly könelişen diýlip ykrar edildi. Bu smartfon 2014-nji ýylda çykaryldy we ilkinji uly iPhone boldy – onuň ekrany 5,5 dýuýma barabar. Smartfon 2017-nji ýylda önümçilikden aýryldy, ýene iki ýyldan täzelenmelerden mahrum edildi, şonuň üçin onda iň soňky goldanylýan sistema iOS 12 boldy. Könelişen gurluşlar Apple-iň hyzmat merkezlerinde hiç hili ýagdaýda resmi taýdan bejerilmeýär diýip, wylsa.com belleýär.

Wintaž gurluşlarynyň sanawyna goşulan model bolsa iPad mini 4 planşeti boldy. A8 çibinde işleýän bu gurluş ýokary hilli Retina displeýinden we özünden öňküler bilen deňeşdirilende az sygymly akkumulýatoryndan başga aýratynlygy bilen tapawutlanmady. Ol 2019-njy ýylda önümçilikden aýryldy, diýmek, onuň doly könelmegine ýene iki ýyl galdy. Şonuň üçin wintaž gurluşyny Apple-iň hyzmat merkezlerinde diňe hyzmatda bölekler bolan ýagdaýynda bejerip bolýar.


11.04.2026 14:59
6.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...