Makgregor 2024-nji ýylda doping üçin iň köp barlagdan geçirilen UFC söweşijisi boldy

  • 04.04.2024 05:09
  • 17k+

Iki diwizionda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor dünýäniň iň güýçli ligasynyň sanawynyň ähli türgenleriniň arasynda doping üçin iň köp barlagdan geçirilen söweşiji boldy diýip, metaratings.ru belleýär.

“Bloody Elbow” saýtynyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýylyň başyndan bäri Makgregor bäş gezek doping barlagyny tabşyrdy. Iň köp barlagdan geçirilenleriň arasynda ikinji orny Şon Striklend bilen Maýra Bueno Silwa paýlaşdy. Olar üç gezek doping barlagyndan geçdiler.
35 ýaşly Makgregor soňky söweşini 2021-nji ýylyň iýul aýynda UFC 264 ýaryşynda Dastin Porýe garşy geçirdi. Söweşiň netijesinde Konor ýeňlişe sezewar boldy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş we alty ýeňliş bar.


26.06.2026 23:43
9.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......