Xiaomi sedanyň yzysüre şu ýyl wnedorožnik ýa-da krossower çykarmaga taýynlanýar

  • 03.04.2024 14:24
  • 5.2k+

Ýaňy-ýakynda elektronika öndürijisi hökmünde has meşhur bolan Xiaomi bahasynyň hiline degýändigi sebäpli derrew uly meşhurlyga eýe bolan SU7 elektrik sedanyny çykardy. Indi kompaniýa awtoulag bazarynyň täze bir bölegini eýelemekçi bolýar diýip, ITHome habar berýär.

“Ygtybarly çeşmelere” salgylanýan Blue Whale Financial -yň tassyklamagyna görä, Hytaýyň tehnologiýa ägirdi wnedorožnik ýa-da krossower boljak ikinji awtoulagyny çykarmaga taýynlanýar. Täze önümiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bazara çykmagyna garaşylýar.
Xiaomi ozal kompaniýanyň ilkinji awtoulagynyň näme üçin wnedorožnik däl-de, sedan bolandygyny düşündirdi. Xiaomi-niň pikiriçe, sedanlar “her döwrüň ruhuny görkezýän wekilidir” we “her döwürde ýokary gatlagyň ilkinji saýlawydyr”. Wnedorožnigi bolsa kompaniýa “pudagyň şasy” diýip atlandyrýar.
Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing öň çykan Xiaomi SU7 sedanynyň rekord tizlikde satyn alynýandygyny tassyklady. Şeýle hem, ol janköýerlere berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Awtoulag bazaryna çykmagy - Xiaomi-niň ýeke-täk täze ugry däl. Owal biz ýokary hilli periferiýa enjamlaryny we esbaplaryny öndürmäge ugrugan Xiaomi Life brendiniň döredilendigi barada habar berdik.


26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......