Bilermen "Garagum" derýasynyň Türkmenistanyň ekologiýasyna täsiri barada gürrüň berdi

  • 03.04.2024 12:58
  • 20k+

2024-nji ýylda ägirt uly taslamanyň - Garagum derýasynyň gurluşygynyň başlananyna 70 ýyl dolýar. Adam eli bilen döredilen bu uly suw desgasy  we onuň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň ekologiýasyna we ösüşine edýän täsiri barada tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow CentralAsia.news neşirine gürrüň berdi.

Bilermen taryhyň dowamynda suwuň türkmen halky üçin diňe bir maddy däl, eýsem ahlak gymmatlygy hem bolup gelendigi, bu çeşmä aýawly çemeleşmegiň esasyny goýandygyny aýtdy. Türkmenistanda suwuň mukdary gaty çäkli bolupdyr.

“Şonuň üçin geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başynda Garagum derýasynyň gurluşygy boýunça uly göwrümli taslamany durmuşa geçirmek barada giň göwrümli karar kabul edildi. Onuň gurluşygy oba hojalygynyň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy "-diýip, Ylýasow belleýär.

Derýanyň gurluşygy 1954-nji ýylda başlandy we Türkmenistanyň taryhynda iň möhüm infrastruktura taslamalarynyň birine öwrüldi. Taslamanyň maksady gurak ýerleri suwarmak, oba hojalygyny ösdürmek hem-de ilatly nokatlar we senagat kärhanalaryny suw bilen üpjün etmekdi.
Derýa Amyderýadan gözbaş almak bilen, Köpetdagyň çägelik ýerlerinden, oazislerinden we dag eteklerinden akyp, tutuş ýurduň içinden geçýär. Ol ýolugra suw howdanlaryny emele getirýär, suwaryş ulgamlaryny iýmitlendirýär we oba-şäherleri suw bilen üpjün edýär.
Garagum derýasynyň gurluşygy dört tapgyrda geçirildi. Gurluşygyň birinji tapgyrynda (1954-1959), Amyderýadan gözbaş alan kanal Murgab derýasynyň basseýnine ýetirildi, ikinji tapgyrda (1962-1967) – Tejene, üçünjide (1966-1973) - Aşgabat şäherine, dördünjisinde bolsa (1974-1988) – gazanjyga eltildi.
Kanalyň gurluşygy daşky gurşawa uly täsir etdi.

"Garagum derýasynyň esli ýyllap akyp ýatmagy (70 ýyl) 1954-nji ýylda gurluşyk başlamazdan ozalky ýagdaýyndan düýpgöter tapawutly ekologiki ýagdaýy emele getirdi" -diýip bilermen düşündirýär.

Landşaft we mikroklimat üýtgedi, täze ekoulgamlar emele geldi. Bu üýtgeşmelere gözegçilik etmek we ýaramaz täsirleri azaltmak üçin daşky gurşawa giňişleýin gözegçilik edildi.


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......