Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold 6 Ultra smartfony 2024-nji ýylda hödürlener

  • 03.04.2024 08:41
  • 9.9k+

SamMobile-yň berýän habaryna görä, Samsung 2024-nji ýylda düýpgöter täze, epläp bolýan Galaxy Z Fold 6 Ultra smartfonyny hödürlär.

Ultra modeliniň işlenip taýýarlanýandygy baradaky myş-myşlar bireýýämden bäri gulaga degýärdi, ýöne höwesjeňler Günorta Koreýanyň sertifikat merkeziniň maglumatlar bazasynda SM-F958 belgili telefonyň bardygyny indi bilip ýörler, bu ýerde adatça 8-lik belgi onuň adynda “Ultra” sözüniň bardygyny aňladýar.

Häzirki wagtda Galaxy Z Fold 6 Ultra -nyň Günorta Koreýa bazary üçin işlenip taýýarlanýandygy mälimdir. Ony beýleki ýurtlarda goýbermegiň meýilleşdirilip-meýilleşdirilmeýändigi barada entek maglumat ýok.

Galaxy Z Fold 6 Ultra-nyň Galaxy Z Fold 6-nyň adaty wersiýasyndan nähili tapawutlanjakdygy belli däl. Şeýle-de bolsa, onuň iň täze Snapdragon 8 Gen 3 For Galaxy prosessory, titandan korpus, Gorilla Glass Armor ekran goragy we kämilleşdirilen kameralar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...