“Oppengeýmer” gapma-garşy seslenmelere garamazdan, Ýaponiýada rekord goýýar

  • 02.04.2024 14:31
  • 5.8k+

Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi Ýaponiýada ilkinji uik-endde gazanan girdeji ýygymy boýunça “Akwamen we ýitirilen şalyk” we “Dýuna 2” filmlerinden öňe geçip, rekord goýdy. Atom bombasyny dörediji J.Robert Oppengeýmeriň durmuşy barada gürrüň berýän film 2,5 mln dollar gazandy, bu bolsa 2024-nji ýylda Golliwudyň taslamalarynyň arasynda iň gowy görkezijidir.

Filmiň dünýädäki umumy girdejisi 965 mln dollara ýetdi. Film Ýaponiýada resmi relizinden sekiz aýdan soň çykaryldy.
“Oppengeýmer” onda Ýaponiýanyň we onuň pajygaly başdan geçirmesiniň ýokdugy üçin tankyda sezewar edildi. Meşhur režissýor Spaýk Li näme üçin Nolanyň atom bombalary taşlanan Ýaponiýa şäherleriniň pajygaly wakasyny görkezmändigi baradaky sorag bilen ýüzlenýär. Ýöne käbir kino tankytçylary režissýoryň maksadynyň hem hut şunda jemlenendigini öňe sürýärler: bolup geçen zatlary Hirosima we Nagasakä bomba taşlanandygyny Oppengeýmeriň edil özi ýaly radio arkaly bilen amerikan jemgyýetiniň gözi bilen görkezmek.
Mart aýynda “Oppengeýmer” ýylyň iň gowy filmi, režissýorlyk, erkek keşbi (Killian Mýorfi) we ikinji plandaky aktýor (Robert Dauni kiçi) ýaly nominasiýalarda ýedi “Oskar” baýragyna eýe boldy.
Belläp geçsek, 1945-nji ýylyň 6-njy we 9-njy awgustynda Hirosimadaky we Nagasakidäki partlamalaryň netijesinde birbada 80 müň adam ýogaldy. 1945-nji ýylyň ahyryna çenli, şol sanda onkologiýa kesellerinden we şöhle keselinden ölenleriň sany Hirosimada 90 – 166 müň adam, Nagasakide 60 – 80 müň adam boldy.


şu gün 14:57
397

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 08:26
3.6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
959

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 23:12
4.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......