Transfermarkt dünýäniň iň gymmat 10 ýarym goragçysynyň reýtingini hödürledi

  • 02.04.2024 16:24
  • 12k+

Transfermarkt internet portaly häzirki wagtda dünýäde iň gymmat 10 ýarym goragçynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem eýeledi. Onuň transfer bahasy 180 mln ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär.

Ikinji orundan bäşinji orun aralygynda “Baýeriň” hüjümçi ýarym goragçysy Florian Wirs, “Bawariýanyň” oýunçysy Jamal Musiala, “Arsenalyň” oýunçysy Deklan Raýs we “Mançester Sitiniň” merkezi ýarym goragçysy Rodri ýerleşdi. Oýunçylaryň transfer bahalary birmeňzeş bolup, 110 mln ýewro barabar.

Reýting doly görnüşde şeýle:

  1. Jud Bellingem (“Real”, 180 mln ýewro);
  2. Florian Wirs (“Baýer”, 110 mln ýewro);
  3. Jamal Musiala (“Bawariýa”, 110 mln ýewro);
  4. Deklan Raýs (“Arsenal”, 110 mln ýewro);
  5. Rodri (“Mançester Siti”, 110 mln ýewro);
  6. Federiko Walwerde (“Real”, 100 mln ýewro);
  7. Martin Edegor (“Arsenal”, 95 mln ýewro);
  8. Gawi (“Barselona”, 90 mln ýewro);
  9. Eduardu Kamawinga (“Real”, 90 mln ýewro);
  10. Orelýen Tçuameni (“Real”, 90 mln ýewro).

düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......