“Formula-1-e” eýeçilik edýän kompaniýa MotoGP-ni satyn aldy

  • 02.04.2024 05:48
  • 4.8k+

“Formula-1-e” eýeçilik edýän Liberty Media kompaniýasy MotoGP klasyndaky şosse-halkalaýyn motoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 4 milliard ýewrodan gowrak baha satyn alnandygyny yglan etdi. Bu barada taraplaryň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Liberty Media 1992-nji ýyldan bäri MotoGP seriýasyna eýeçilik eden Dorna kompaniýasynyň paýnamalarynyň 86%-ine eýe bolar. Dorna biznesde, takmynan, 14% paýyny saklap galar. Satyn alyş 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmaly.
1994-nji ýyldan bäri Dorna-nyň baş müdiri wezipesini eýelän Karmelo Espeleta wezipesinde galyp, ýaryşlary dolandyrmagy dowam eder. Kompaniýa hem Madridde ýerleşmegini dowam etdirer.
Ýatlap geçsek, amerikaly işewür Jon Melouna degişli bolan Liberty Media kompaniýasy 2017-nji ýylda “Formula-1-i” 4,4 mlrd dollara satyn aldy. 


05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....