Çöldäki seýilgäh oazisi. Saud Arabystanynda dünýäniň iň uly seýilgähiniň gurluşygynyň gidişini görkezdiler

  • 01.04.2024 14:14
  • 18438
Çöldäki seýilgäh oazisi. Saud Arabystanynda dünýäniň iň uly seýilgähiniň gurluşygynyň gidişini görkezdiler

Saud Arabystanynyň wekilleri Er-Riýaddaky Patyşa Salman adyndaky seýilgähiň gurluşyk işleriniň gidişini görkezdiler. Naked Science-iň habar bermegine görä, ol dünýäniň iň uly şäher seýilgähine öwrüler.

Taslama laýyklykda 13,4 inedördül kilometre barabar meýdany tutýan patyşa Salman seýilgähi patyşalygyň paýtagtynyň ýaşyl oazisine öwrüler. Ol ýerde bir milliondan gowrak daragt we gyrymsy agaçlar ekiler. Onuň çäginde ýaşaýyş jaýlaryndan we myhmanhanalardan başga-da, Patyşalyk sungat merkezi, teatrlar, muzeýler, kinoteatrlar, sport desgalary, suw desgalary, restoranlar we meýdany 18 çukurjykly şa golf kluby ýerleşer.
Taslama 2019-njy ýylda durmuşa geçirilip başlandy, ýöne pandemiýa sebäpli gurluşyk işleri yza süýşürilipdi.

Patyşa Salman seýilgähiniň gurluşyk meýdançasy / © SaudiProject 

Patyşa Salman seýilgähiniň taslamasy / © SaudiProject

Patyşa Salman seýilgähiniň taslamasy / © SaudiProject


11.04.2024 15:04
17243

Saud Arabystanynda dünýäde iň uly howa menzili gurlar

Saud Arabystanynda ýene bir ägirt uly taslama durmuşa geçirilip başlandy. Overclockers.ru-nyň ýazmagyna görä: ýurtda patyşa Salman adyndaky täze halkara howa menzili gurlar we ol ýolagçy sany boýunça dünýäde iň...

18.02.2024 18:23
9678

Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda ilkinji uçuşlar ýerine ýetirildi

Aşgabat – Kuala-Lumpur ugry boýunça uçýan uçar Malaýziýanyň paýtagtyndaky howa menzile gondy. Täze gelen ýolagçylary Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat...

20.01.2024 16:28
13524

Aşgabatdan Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine gatnawlar üçin awiabiletler onlaýn satylyp başlandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine täze ýola goýuljak halkara howa gatnawlary üçin awiabiletleriň satuwyny ýola goýdy...

10.01.2024 17:02
16153

AeroRoutes: «Türkmenistan» awiakompaniýasy fewralda Jidda we Kuala-Lumpura gatnawlary açar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde uçar gatnawlarynyň gerimini giňelder we awiakompaniýa Saud Arabystanynyň Jidda hem-de Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine awiagatnawlara başlar...