Täze Xiaomi 14 Ultra Titanium smartfonyny abatlamak 426 dollara düşüp biler

  • 01.04.2024 13:54
  • 4.6k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 14 Ultra Titan flagman smartfonynyň abatlanyş bahalaryny çap etdi. Enjamyň iň gymmat bölegi - ulgam platasy bolup çykdy, ony çalyşmak eýelerine 426 dollara düşer diýip, GizmoChina portaly ýazýar.

Xiaomi 14 Ultra Titanium-yň ekranyny çalyşmak 237 dollara, täze esasy kamerasyny çalyşmak bolsa 140 dollara düşer. Goşmaça platany, kömekçi we öňdäki kameralary, şeýle hem batareýasyny we arka gapagyny goşmak bilen beýleki komponentleriniň bahasy 70 dollardan geçmeýär.
Mundan başga-da, her gezek abatladanda ussa haky goşmaça 5 dollar bolar.
Görkezilen bahalar Hytaý bazarynyň bahalarydyr. Beýleki ýurtlarda abatlaýyş işleri üçin çykjak baha entek belli däl.
Xiaomi 14 Ultra Titanium-yň abatlanyş bahalarynyň bazardaky beýleki flagman smartfonlaryndan has ýokarydygyny bellemelidiris. Mysal üçin, iPhone 14 Pro Max-yň ulgam platasyny çalyşmak üçin 329 dollar bermeli, Samsung Galaxy S23 Ultra-nyňky bolsa 399 dollara düşýär.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...