Bill Geýts: “Emeli aň geljekde aňsat ýumuşlary bitirip bilmez”

  • 31.03.2024 10:15
  • 8.4k+

Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts emeli aň häzir adam üçin kyn bolan zatlary etmäge ukyply bolsa-da, geljekde aňsat ýumuşlary ýerine ýetirmekde şowsuzlyga uçrar diýip hasaplaýar. Bu barada ol Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen gürrüňdeşlikde aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Geýtsiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda dünýä emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşiniň başlangyç tapgyryna syn salýar. “Bu emeli aňyň ösüşiniň ilkinji günleri. Ol siziň kyn hasaplaýan zadyňyzy bitirer, soňra ýeňil hasaplaýan zadyňyzda şowsuzlyga uçrar” – diýip, ol belledi.
Geýts bu tehnologiýanyň artykmaçlyklary hödürlese-de, emeli aňyň ulanylmagynyň käbir meseleler bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýar.
Şeýle-de, Geýts Hindistanyň premýer-ministri bilen duşuşykda Günorta Aziýa respublikasynyň sanly ösüşine ýokary baha berdi. Ol Hindistanyň diňe bir tehnologiýalary uýgunlaşdyrman, eýsem bu ugurda öňde barýandygyny belledi.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

08.03.2026 18:02
6.4k+

Bill Geýts täze görnüşli «Natrium» atom stansiýasyny gurmaga rugsat aldy

ABŞ-nyň Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy Bill Geýtsiň esaslandyran TerraPower kompaniýasyna Waýoming ştatynda «Natrium» kysymly täze nesil reaktoryny gurmaga resmi taýdan rugsat berdi. Netijede bu karar ýurtda şeýle görnüşdäki ilkinji täjirçilik maksatly atom stansiýasynyň gurulmagyna mümkinçilik berdi...

07.03.2026 17:10
963

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...