Samsung-yň taryhynda iň gowy selfi-kameraly Galaxy M55 hödürlendi

  • 30.03.2024 23:52
  • 11k+

Samsung kompaniýanyň taryhynda iň ýokary durulykly selfi-kamerasyny alan ortaça arzan Galaxy M55 smartfonyny hödürledi. Bu barada Sammobile portaly habar berýär.

Galaxy M55 Full HD+ durulykly we 120 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED+ ekrany bilen üpjün edildi. Täze smartfonyň esasy aýratynlygy sekuntda 30 kadrda 4K durulykda wideo ýazmaga ukyply 50 Mp frontal kamera boldy. Optiki durnuklaşdyrma bilen esasy 50 Mp sensor 8 Mp ultra-giň burçly datçik we 2 Mp makromodul bilen utgaşýar.
Smartfonyň öndürijiligine Qualcomm Snapdragon 7 Gen 1 çibi, 8 GB operatiw ýat we 256 GB hemişelik ýat jogap berýär. 5000 mAs sygymly akkumulýator 45 Wt çalt zarýad berşi goldaýar.
Täze Samsung Galaxy M55 Android 14-üň esasynda One UI 6.0 bilen ýola goýulýar. Öndüriji smartfony Android 18-e çenli goldamagy wada berýär. Beýleki aýratynlyklaryň arasynda Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2 we galtaşyksyz töleg üçin NFC bar.
Smartfony häzirlikçe diňe Braziliýada, takmynan, 538 dollara satyn almak bolýar, bu bolsa M seriýaly smartfon üçin diýseň gymmatdyr.


şu gün 02:50
116

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...