Bild: Zinedin Zidan – “Bawariýanyň” tälimçisi wezipesine esasy dalaşgär

  • 30.03.2024 16:42
  • 10k+

Mýunheniň “Bawariýasy” Zinedin Zidany toparyň tälimçisi wezipesine esasy dalaşgärleriň biri hasaplaýar diýip, Bild neşirine salgylanýan 777score habar berýär.

Tomas Tuhel klubdan gidenden soň, şu möwsümiň ahyrynda bu wezipe boş bolar.
Çeşmäniň habaryna görä, “Bawariýa” bilen Zidanyň arasynda entek ýüzbe-ýüz gepleşik bolmady, ýöne fransuz hünärmeniniň özi mýunhenlileriň toparyna ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligi bilen gyzyklanýar. Zidan “Bawariýany” özüniň uly üstünlik gazanan topary bolan Madridyň “Realyna” meňzedýär. Mýunheniň klubunyň hem baý taryhy bar we ol Zidana gowy iş şertlerini hödürläp biler.
"Bawariýanyň" ýolbaşçylary toparyň öňki oýunçysy Frank Riberiniň Zidanyň kömekçisi bolmagyny isleýändigi bellendi.
Zidan 2021-nji ýyldan – Madridiň “Realyndan” çykany bäri tälimçilik bilen meşgullanmady.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......